- bezegi
- 1) Dürli şaý-sep, owadanlyk üçin goýulýan zatlar, nagyş.2) Owadan görnüş, gelşik, görk, zynat.∙ Bu gyzyň ýüzünde emeli bezegden hiçbir nyşana ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Çep ýaňaga bezeg berýärdi haly, inçe, sagdyn katdy guýulan ýaly. Dürli haly bezeg berýär jaýyňa, Beýle bagt nirden düşdi paýyňa. («Sowet edebiýaty» žurnaly)3) Göçme manyda At-abraý, guwanç.∙ Babam, sen dünýäniň bezegi bolduň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.